- dökmek
- işlik1) Bir zady bir ýere guýmak, agdarmak.∙ Üstüne çaý dökermi, suwa ýykylarmy, garaz bilemok. («Sowet edebiýaty» žurnaly)2) Saçmak, ýaýratmak, örtmek.∙ Günüň joşgunly çogy bütin gözýetime kümüş nuruny heniz bolluk bilen dökýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)3) Sepmek, pytratmak, dargatmak, ýaýratmak.∙ Mahmal ýaly mylaýym meýdanda seýalkalar hatara tohum dökýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)4) Silkip gabyň içindäkini aýyrmak, boşatmak.∙ Ol bugdaýly çuwaly göterip, gapanda çekip, ammara dökerdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Şol duran haltany döküp getir!5) Bir zadyň içini barlamak, bir zat agtarmak, gözlemek.∙ Içerini döküp çykmak.6) Deşilenligi ýa-da zaýalananlygy zerarly akmak, suwuklyk goýbermek.∙ Çelek birneme dökýär.7) Akdyrmak, saçmak (ýaş, gan hakda).Ýazuw düzgüni: Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.Meselem dökmek - dökdüm, dökdüň, döküpdir.◊ ajy der dökmek — seret der∙ Bu teklip dogaly bäri ajy der dökmedik adamy ör-gökden getirer.◊ gan dökmek — seret gan◊ göz ýaş dökmek — seret göz◊ iç dökmek — seret iç◊ ýüregiňi dökmek — seret iç dökmek∙ Ol başyny aşak salyp, ýüregini dökdi. (Aýbek, Nowaýy)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.